AŞGABATDA INTELLEKTUAL EÝEÇILIGI OKATMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda intellektual eýeçiligi okatmak ugrunda halkara we milli tejribe bilen paýlaşmak maksady bilen “Intellektual eýeçiligi dersini okatmak” atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.

Bu çäre Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy bilen bilelikde guraldy.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň baş we sebitleýin bölümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, intellektual eýeçilik ulgamyndaky halkara bilermenler, döwlet edaralarynyň, ýerli we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.  

Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylara Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň sebitdäki mümkinçiliklerini we hyzmatlaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işi, intellektual eýeçiligi okatmak pudagynda guramanyň Akademiýasynyň wezipeleri, şol sanda bu hünäri ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna girizmek wajyplygy hakyndaky maglumatlar berildi.

Döwlet we hususy sektorlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti, intellektual eýeçilik pudagyndaky hünärmenleriň bilim derejesini maglumat-kommunikasiýa we bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýokarlandyrmagyň möhümligi barada bellenip geçildi. Şeýle-de hünärmenler degişli okuw meýilnamalary we materiallary işläp düzmek ulgamynda öz tekliplerini berdiler.