TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp, taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ediljek indiki ädimlere seredip geçdiler. 

Taraplar Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýyldaky oňyn ösüşi hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň wajyplygy barada belläp geçdiler.