AŞGABATDA V AZIÝA OÝUNLARYNA 30 GÜN GALMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli çäreler badalga aldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli çäreler bilen birlikde “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine, şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna  gatnaşdy.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolunyň ugry bilen Arçabil şaýoly-Ankara köçesine tarap gitdiler.

Ankara köçesiniň ugrunda Aşgabadyň binagärlik keşbine sazlaşýan ak mermerli täze desgalar gurlupdyr. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň buýurmasy esasynda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi we ýerasty duralgasy bolan her biri 72 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si bina edildi. Baýramçylyk mynasybetli şol gün irden bu ýere ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köpsanly şäher ilaty ýygnandylar. Dabaranyň geçirilýän ýerine welosipedli gelen Türkmenistanyň Prezidentini hemmeler uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Desgalar bilen tanyşlyk tamamlanandan soň hemmelere saglyk we üstünlik arzuw edip, ýurt baştutany welosipedli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň açylyş dabarasyna bardy.

Ýygnananlary agşam Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek çärelere, türkmen gawunynyň gününe bagyşlanan dürli görnüşli gawunlaryň görkezilişine, V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak ýurtlaryň milli tagamlarynyň sergisine we sungat ussatlarynyň gala-konsertine gatnaşmaga çagyryp, Prezident ýene bir gezek hemmeleri Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň açylmagy bilen gutlady.

Agşam Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine bardy we Oýunlaryň açylyşyna 30 gün galmagy mynasybetli bu ýerde gurnalan “Aziada-2017-niň tagamlary” atly sergi bilen tanyşdy.

Bu ýerde türkmen  gawunynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şu mynasybetli sport şäherçesiniň çäklerini gawundan doldurylan tekjeler, sergiler bezedi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bakjaçylary hem-de seçgiçileri özleriniň iň oňat “eserlerini”- gawunlaryň saýlama görnüşlerini, ýaşyl zolakly garpyzlary we iri kädileri görkezdiler.

Türgenler üçin niýetlenen naharhanada “Aziada-2017-niň tagamlary” atly sergi ýaýbaňlandyryldy. Aşpezlik şüweleňinde oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň 64-siniň, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndysynyň nahar bişirmek däpleri görkezildi. Mill tagamlaryň baýramçylygynyň gurnalyşynda esasy türkmen baş aşpezleri bilen bir hatarda Ýewropanyň bir kompaniýasynyň-Şweýsariýanyň “Gourmet Sports Hospitaliti AG” Kompaniýasynyň hereket edendigini bellemek gerek.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sergini gözden geçirmegini tamamlap, türkmen topragynyň gawun, garpyz, üzüm ýaly miwelerinden, ýerli dermanlyk otlaryndan taýýarlanan çaýyň peýdaly we kuwwat beriji gymmatly nygmatlary türgenler üçin şirin-şeker tagamlar hökmünde peýdalanmagy teklip etdi.  Aziada gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna hyzmat etmegiň medeniýeti, olaryň iýmitlenişi iň ýokary derejede bolmalydyr, diýip Prezident belledi.

Daşary ýurt we türkmen ussatlarynyň konserti günüň jemleýji çäresi boldy. Yşygyň, reňkleriň we sesiň sazlaşygynyň ähli mümkinçlikleriniň giňden hereket etmegi üçin innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa, bu konsertiň tapawutlandyryjy aýratynlygy boldy. Bellemeli zatlaryň biri hem, konserta gatnaşyjylaryň ählisi diňe bir  sport egin-eşiginde däl-de, eýsem, öz gezeklerinde dinamiki hereketleri we sport tanslarynyň böleklerini hem ulandylar.

“Aşgabat 2017-niň” senasy hökmünde saýlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Öňe, öňe, diňe öňe, Jan Watanym Türkmenistan” atly aýdymyny hemmeleriň bilelikde ýerine ýetirmegi  bolsa, dabaranyň jemleýji  aýdymy boldy.