SPORT - DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY GAZANMAGYŇ GURALY

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan men Türkmenistanyň Hökümetini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen gutlamak isleýärin. Biz taryhy wakanyň, ýagny sportuň adamlary ýakynlaşdyrmakda jadyly güýç bolup hyzmat edýändiginiň  şaýatlary bolup durýarys. Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň ýygyndysyny hem öz içine alýan Aziýadan we Okeaniýadan 6000-den gowrak türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda bu wakanyň adatdan daşary üstünlikli bolmagy üçin ýadawsyz işleýän ýerli ýaşlardan düzülen meýletinçiler hereketini görmek has hem ýakymly.

ÝUNISEF-iň habar bermegine görä, bütin dünýäde bir wakanyň daşyna milliardlarça adamlary özüne çekip bilýän we beýleki milliard adamlary- ýaşlary we garrylary, baýlary we garyplary, gyzlary we oglanlary  toparlaýyn ýa-da  aýratyn görnüşde işjeň gatnaşmaga çagyrýan şeýle bir güýç bar - bu sportuň gaýtalanmajak güýjüdir. Sport durnukly ösüş üçin möhüm faktor hasaplanýar we jemgyýetde parahatçylygy we durmuş ösüşini gazanmakda örän möhüm orun eýeleýär.

Sportuň bilimi, sagdynlygy, ösüşi, parahatçylygy gazanmakda kömek edýän esasy orny 2014-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda BMG  agza döwletleriň kabul eden A/69/L.5 rezolýusiýasynda hem bellenildi. Rezolýusiýada “BMG-niň agza-döwletlerine sporta 2015 ýyldan soňky ösüş gün tertibiniň çäklerinde seredilmegine çagyryş bar”.

Bütin dünýäde köp adamlar üçin sport we oýun  bada-bat çagalyk düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Oýnuň üsti bilen çagalar seljerýärler, oýlap tapýarlar we döredýärler. Şeýdip hem bular durmuş başarnyklaryny  ösdürýär, öz duýgularyny beýan etmekligi  we öz başarnyklaryna ynam almaklygy öwredýär. ÝUNISEF-iň sport bilen işi her bir çaganyň, maýyp çagalaryň hem howpsuz we sagdyn ýerde oýnamaga we sport bilen meşgullanmaga hukugyny esaslandyrmagy  üpjün etmek işi – çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň 31-nji maddasynda we beýleki halkara şertnamalarynda esaslandyrylandyr. Şoňa görä, ÝUNISEF-iň topary sport oýunlarynyň çagalaryň durmuşyny üýtgetmekdäki we gowulaşdyrmakdaky hukugyny çuň düşünjelerde esaslandyrýar.

Sport - dürli etniki, medeni, dini, dil we durmuş-ykdysady gatlaklardaky adamlary birleşdirýän hemmetaraplaýyn kuwwatly durmuş guralydyr. Ol fiziki we psihiki sagdynlygy gowulandyrmakda, çagalyk ýyllarynda semremekligi azaltmakda we işjeň raýat hem-de durmuş integrasiýasyna goşant goşmakda möhüm orun eýeleýär. Sport durmuş başarnyklarynyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasynda, fiziki taýýarlygyň gymmatyny, dogry iýmitlenmegi we saglyga oňat täsirini ýetirýän sporty saýlamagy öz içine alýan okuwlaryň öňegidişligi üçin oňat başlangyç nokady hasaplanýar.  

Sportuň we oýunlaryň çaganyň ösüşine we okuwlaryna,  akademiki ýetişigini ýokarlandyrmaga goşant goşýanlygy hakynda maglumatlar bar. Şeýle hem sport ýaşdaş liderleriň ösüşi üçin mümkinçilikleri hödürleýär. Bu bolsa ýetginjekleriň özüne bolan ynamyny artdyrýar we gyzlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi üçin şertleri döredýär. Sport  ýaş çagalaryň howpsuzlygyny we goraglylygyny höweslendirmäge we ýaşlaryň arasynda düşünişmezlikleri ýowuz däl ýollar bilen çözmeklerini öwretmäge hyzmat edip biler.

Bu günki gün ÝUNISEF sport ulgamynda we ösüş maksatlarynda köp sanly sport başlangyçlarynda,  Ýöriteleşdirilen Olimpiada bilen hyzmatdaşlykda, BMG-niň beýleki guramalarynyň içinde lider hasaplanylýar. ÝUNISEF sport guramalarynyň giň toparyna, türgenlere, olaryň ýaşamagyna, ösmegine, bilimine we çagalaryň goraglylygyna täsir edýän  çagalar üçin  täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny döredýär. ÝUNISEF “Mançester Ýunaýted”, “Barselona”, Ýöriteleşdirilen Olimpiada we beýleki sport klublary we guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýar.

Şundan ugur alyp, ýurduň Liderine sporty  we Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda çagalar we ýaşlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürýändigi üçin haýran galýandygymy beýan edesim gelýär. Biz ýurtda döredilen  häzirki zaman sport infrastrukturasynyň sporta bolan hyjuwyny ruhubelentlik bilen dowam edýän gyzlar, oglanlar we raýatlar üçin peýdalanyljakdygyna ynam bildirýäris. Biz Hökümet bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň çäklerinde  hemmetaraplaýyn, işjeň, hemme zady öz içine alýan we howpsuz sportuň we oýunlaryň her bir çaga üçin üpjün edilmeginde öz tagallalarymyzy dowam etdireris. Goý, sport hemmeler üçin we sport ösüş üçin bolsun!

Şahin Nilofer, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili