Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyny belläp geçmek bilen bagly taýýarlyk işler Koreýa Respublikasynda alnyp barylýar

2020-nji ýylyň 11-nji maýyndan başlap, Koreýa Respublikasynyň paýtagty - Seul şäherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan banerli awtobuslary we 2020-nji ýylda biziň ýurdumyzda yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarly awtobuslara duş gelip bolýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň orny we ähmiýeti baradaky makalalar ýerli gazetlerde we internet sahypalarynda yzygiderli çap edilýär.