DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Birleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi.

Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan birinji mejlisiň işine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Daşary işler ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. 

Duşuşykda daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB – MA iş toparynyň 9-njy mejlisinden soňra ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredilip geçildi, şol sanda çökgünlik ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen Toparyň Iş maksatnamasynyň hem-de WECOOP taslamasynyň Iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de 2021-nji ýylyň ýazynda Almata şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB – MA iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň 10-njy mejlisiniň ileri tutulýan ugurlaryna seredilip geçildi. 

Duşuşygyň jemleri boýunça daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB – MA iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň şahsy duşuşyk formatyndaky mejlisiniň senesi hem-de gün tertibi ylalaşyldy.