TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Netijeli gepleşikleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň ýolbaşçylygyna türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemişe üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň durmuşa geçirýän bitarap daşary syýasy ugruny, ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylygy, tutuş dünýäde howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Soňky ýyllarda işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlyk barada nygtap, türkmen Lideri energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş we medeni-ynsanperwer ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini tassyklady. Söhbeteşler şeýle hem “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijeli häsiýetine ýokary baha berdiler.

Mundan başga-da, Hökümetara toparlarynyň we Işewür geňeşleriniň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm orny barada belläp, Prezidentler Türkmen-koreý işewür geňeşiniň golaýda geçirilen nobatdaky mejlisiniň döwletara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler

Şunuň bilen birlikde, taraplar däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň örän wajypdygyny nygtadylar. Bu babatda häzirki wagtda tutuş adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan täze, örän howply wehimi nazara almak bilen, lukmançylyk hem-de saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň we halklaryň bähbidine mundan beýläk hem üstünlikli ösdürilmegine ynam bildirdiler.