Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.
Täze gaz geçirijiniň taslamasy dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylar. Bu gaz geçirijiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň uzynlygy 214 kilometre deňdir. Gaz geçiriji Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Päkistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň çäklerinden geçer.
Öz çykyşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we onuň üsti bilen bütin türkmen halkyna çuňňur hoşallyk bildirip, şu günki wakanyň—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtady. Bu gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder, täze şäherler we şäherçeler dörär, müňlerçe täze iş orunlary dörediler diýip, Owganystanyň Baştutany aýtdy. 
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň iş ýüzünde tiz durmuşa geçirilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu taslama Merkezi Aziýa ýurtlaryny diňe bir ykdysady nukdaýnazardan birleşdirmän, eýsem, has giň hyzmatdaşlyk üçin hem uly ýoly açar, Pakistanyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrar, diýip, Premýer-ministr aýtdy.