TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy.

Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär.

Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-njy oktýabrda Soçi şäherinde GDA-nyň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Iki ýarym sagatdan soň, Hormatly Prezidentimiziň uçary Soçi şäheriniň Halkara howa menziline gondy. GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet hem-de Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini kabul edýän tarapyň resmi adamlary garşyladylar. 

Türkmen Lideri howa menzilinden “Radisson Blu Resort & Congress Centre” myhmanhanasynyň Kongresler merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli tagallalary birleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda “Radisson Blu Resort & Congress Centre” Kongresler merkezinde GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Soňra Kongresler merkeziniň Kiçi mejlisler zalynda GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dar düzümdäki mejlisi açyldy. Pikir alyşmalaryň barşynda Arkalaşygyň işiniň jemlerine seljerildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de sebit we halkara syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

Soňra sammitiň işi Uly mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Mejlisiň gün tertibine möhüm ugurlarda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Geljekdäki hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda medeni-gumanitar we söwda-ykdysady ugurlary bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe geçip, Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga sarpa goýýandygyny, oňa Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary gatnaşyklarynyň örän ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, türkmen Lideri GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara ynamyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna üns bermegiň maksada laýykdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi zerurdyr. Şunda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň uly mümkinçilikleri peýdalanylmalydyr.

GDA-nyň ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seredip bilerdik we olar Arkalaşygyň çäklerinde diňe ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge däl-de, eýsem olary yklym we yklymara derejä çykarmaga mümkinçilik berer, diýip Türkmenistanyň Baştutany belledi.

Şeýle hem maşgalany we däp bolan maşgala gymmatlyklaryny sagdyn hem-de durnukly geljegiň üpjün edilmegi üçin ygtybarly binýat hökmünde goldamak meselesini sammite gatnaşyjylar gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň bilen birlikde, birnäçe guramaçylyk meselelerine, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek baradaky meselä hem garaldy.

GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi jemleýji resminamalara gol çekilmegi bilen tamamlandy.

GDA ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisiniň tamamlanmagy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçi şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.