KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Jin Ki Hun bilen duşuşyk boldy. 

Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gurşawdaky gazanylan ýokary netijeleri belläp, taraplar halkara guramalaryň çarçuwasyndaky özara gatnaşyklary berkitmäge ygrarlylygyny bellediler. Şeýle hem, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini bellediler we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Netijeli we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýilini belläp, türkmen tarapy Ilçiniň täze bellenen wezipesinde zerur ýardamlary we goldawlary etmäge taýýardygy barada aýtdy.