Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Türkmenistan - Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Mämmetalyyew Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Türkmenistan - Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy, Ylym, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar, teleradioýaýlym we aragatnaşyk komitetiniň ýerine ýetiriji sekretary Pak Deçul bilen duşyşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýokary derejededigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň meselelerini, hususanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.