SOŇKY HABARLAR
Singapur Respublikasynyň Söwda we senagat ministrliginiň wekilleri bilen bolan duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Singapur Respublikasynyň Söwda we senagat ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Singapur Respublikasynyň Söwda we senagat ministrliginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň direktorynyň orunbasary jenap Ýu Şiň Taý bilen bolan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Singapuryň arasynda söwda we işewürlik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine seredilip geçildi. Duşuş...
Singapur Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleri bilen bolan duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Singapur Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Singapur Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we howpsuzlyk bölüminiň baş direktory jenap Bernard Lim bilen bolan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen bu ýurduň arasynda ulag-logistika babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işini käm...
Singapur Respublikasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen diplomatik brifing barada
2025-nji ýylyň 14-nji martynda Singapur Respublikasynyň “Wyndham” myhmanhanasynyň 22-nji gatynda ýerleşýän mejlisler otagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan diplomatik brifing geçirildi. Bu çärä Singapur Respublikasynyň Daşary işler, Ulag, Söwda we senagat ministrlikleriniň, Singapuryň hyzmatdaşlyk agentliginiň (Singapore Cooperation Enterprise) ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi A...
Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň edarasynyň ministri, ikinji bilim ministri we ikinji daşary işler ministri bilen geçirilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 13-nji martynda Ilçi B.Durdyýewiň Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň edarasynyň ministri, ikinji bilim ministri we ikinji daşary işler ministri Mohamad Maliki Osman bilen hem duşuşygy geçirildi. Ilçi B.Durdyýew singapur tarapyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler,...
Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 12-nji martynda Singapur Respublikasyna gulluk iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň baş direktory Samuel Tan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-singapur gatnaşyklarynyň gün tertibindäki meseleleriň toplumyna garadylar. Hususan-da ýokary derejeli saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek, parlamentar...
Türkmenistan adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleri ilerletmegi maksat edinýär
2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýol...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 12-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi. Ýewropa komissary wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa komissaryny mähirli mübärekläp, myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçiriljekdig...