SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň salamyny, gowy arzuwlaryny ýetird...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde i...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen salamyny, gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwle...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa...
Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Seul şäheriniň Ýoňsan etrap häkimliginiň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda HZG-nyň Baş direktorynyň kömekçisi, HZG-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit edarasynyň sebit direktory Beata Andresiň şu ýylyň fewralynda amala aşyran saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-nyň köp ýyl...
В МИД Туркменистана состоялась Совместная конференция Туркменистана и Европейского Союза
14 мая 2024 года в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялась Совместная конференция Туркменистана и Европейского Союза «30-летие сотрудничества между Туркменистаном и Европейским Союзом: совместная работа во имя лучшего будущего». В мероприятии приняли участие представители соответствующих министерств, ведомств и общественных организаций Туркменистана, дипломатического корпуса, аккредитованных в Туркменистане, программ и проектов ЕС. В рамках пленарного заседания выступили замести...