RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Apr

Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň ýanyndaky Ýazuw mirasy merkezinde iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Magtymguly Pyragynyň...

DOWAMY
pic
4 Apr

On the meeting of the Steering Committee of the Framework Program for Cooperation in the Field of Sustainable Development between Turkmenistan and the UN

On April 4, 2024, a regular meeting of the Steering Committee for the Implementation of the Framework Program for Cooperation in the Field of Sustainable Development between Turkmenistan and the UN for 2021-2025 (RPC) and the National Working Group for the Implementation of the Sustainable Development Goals in Turkmenistan was held in the MFA of Turkmenistan. The event, chaired by the Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan M.Byashimova, was attended by employees of the Ministry of...

DOWAMY
pic
4 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahtynyň Başlygy Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň başlygy bilen duşuşdy

Duşenbe şäherinde resmi sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahtynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň başlygy Rustami Emomali bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryna ynanyşmak we özara düşünişmek häsiýetiniň mahsusdygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi biziň ýurtlarymyza geljek üçin türkmen-täjik gatnaşyklaryny ynamly guramaga, halkara syýasatynyň esasy...

DOWAMY
pic
4 Apr

Duşenbede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Duşenbe şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.  Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk görnüşde we resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häz...

DOWAMY
pic
4 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, ruhy, taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik g...

DOWAMY
pic
4 Apr

Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz gezeginde, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedow...

DOWAMY
pic
3 Apr

Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Darýa Bawdaž Kuret bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugu...

DOWAMY