RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Noý

GERMANIÝANYŇ "GOETZPARTNERS CORPORATE FINANCE GMBH" WE "PRODOEHL CONSULT GMBH" KOMPANIÝALARY BILEN DUŞUŞYK BARADA

2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Goetzpartners Corporate Finans GmbH we Prodoehl Consult GmbH nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdy. Saparyň çäginde...

DOWAMY
16 Noý

TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN WE ÖZBEK HALKLARYNYŇ DOSTLUK FESTIWALYNYŇ DABARALY AÇYLYŞY BOLDY

2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer. Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar dostluk festiwalyna gatnaşmak üçin Daşoguz şäherine geldi. Ir bilen festiwala gatnaşyjylar we myhmanlar bu forumyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýerine - ajaýyp “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki b...

DOWAMY
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ NEBIT MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.  Döwlet B...

DOWAMY
15 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salam...

DOWAMY
15 Noý

TÜRKMENISTANDA UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammad Tezikuba Kisambiradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri a...

DOWAMY
15 Noý

HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN PUDAGARA TEGELEK STOL

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet standartlary Departamentiniň direktory hanym Korin Warganyň baştutanlygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol geçirildi. Türkmen tarapdan  Daşary işler ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi,  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Kärdeşler arkalaşyklary ýaly 14 ministrligi...

DOWAMY
15 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNA BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERIŇ DUŞUŞYGY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda, Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda A.L.Owerçugyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen şu günki duşuşygynyň ähmiýeti we wajyplygy...

DOWAMY