SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen gepleşikleri geçirildi. Taraplar geňeşmeleriň çäginde ikitaraplaýyn gün tertibindäki dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşykla...
«ÝAŞYL» YKDYSADYÝET WE SANLY ÖZGERTMELERIŇ MESELELERI BILEN BAGLY TEGELEK STOL BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we Türkmenistanda sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17-19-njy aprelinde Ženewada geçirilen BMG...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE USAID BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew, Aşgabada iş sapary bilen gelen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur bilen duşuşdy.. Duşuşygyň dowamynda sebit we milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan W.Hajiýew,...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGI UGRATDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk we dokma önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistandan Owganystana ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, bu ynsanperwerlik çäreleriniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukman işgärleriniň bir topary 2016-njy ýylda Hyrat welaýatynyň Turgundy o...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Saparyň ikinji güni Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy. Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANYŇ OLI MAJLISINIŇ MILLI MAJLISINIŇ WE NAMOÝANDAGON MAJLISINIŇ BAŞLYKLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Onuň jemleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyry açýar. Şol gatnaşyklar parlamentleriň ugry boýunça hem uly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurt...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäginde ikiçäk görnüşde başlanan ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gepleşikleriň dowamynda belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowa...