SOŇKY HABARLAR
Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
Şu gün, 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi we onuň barşynda ýene bir ýola Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary zerarly gynanç bildirildi. Bu betbagtçylygyň ähli türkmenis...
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasyndaky we konsullyk edarasyndaky döwlet baýdaklary aşak düşürildi
Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi. Ýazmaça ugradylan habarda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.
Seulda Bahar festiwaly geçirildi
2024-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Seul şäherinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariaty tarapyndan «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bahar festiwaly-2024» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy hem gatnaşdy. Festiwalyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan surat we beýik türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň ýygyndylarynyň, şeýle hem türkmen milli egin-eşikl...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA GEÇIRILEN MEDENI ÇÄRELERE GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabatda türkmen halkynyň nusgawy şahyry hem akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet ministrleriň halkara maslahatyna we onuň çäklerinde geçirilen giňgerimli çärelere Koreýa Respublikasynyň Milli Aziýa medeni merkeziniň Prezidenti Li Kaň Hýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Halkara maslahatyň dowamynda çykyş etmek bilen, wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýar. Türkmenistan Eýranda bolup geçen, bortunda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi we beýleki ýokary wezipeli adamlar bolan dikuçar heläkçiligi baradaky habary çuňňur ynjalyksyzlyk bilen kabul etdi. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan bu ýagdaýda goňşy ýurt bolan Eýranyň doganlyk halkyna ähli zerur bolan kömegi berer. Türkmen tarapy bu ýagdaýa alada...