RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti geljegiň birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini nygtady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi. Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde «Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir» – diýip belledi....

DOWAMY
15 Awg

GUTERRIŞ DURNUKLY ULAG HEREKETLERINDE TAGALLALARY BIRLEŞDIRMÄGE ÇAGYRDY

Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary we Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima okady.  BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatna...

DOWAMY
15 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG ULGAMYNDA TÄZE HALKARA BAŞLANGYÇLARY ÖŇE SÜRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada Hazar deňziniň Türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi. «Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ul...

DOWAMY
15 Awg

TÜRKMENISTANDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG BOÝUNÇA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty gibrid görnüşinde öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara  guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halka...

DOWAMY
15 Awg

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 11-nji awgustynda Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentiniň Sefako Makgato adyndaky ýokary wezipeli myhmanlary kabul ediş öýünde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa Türkmenistanyň GAR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi B.Rejepo...

DOWAMY
15 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi. Türkmenista...

DOWAMY
13 Awg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Ýedi aýyň j...

DOWAMY