SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ DURNUKLY ENERGETIKA BÖLÜMINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG ÝYK-iň arasynda ýaşyl energiýa ulgamynda, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça, gün hem-de ýel energiýasy ulgamynda BMG ÝYK ekspertleriniň goldawynyň geljekki...
IŇ ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRILEN TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ NETIJELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN RESMINAMALAR BUKJASYNA GOL ÇEKILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerinden soň aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy: - Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan — Türkiýe söwda we senagat edarasynyň forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; - Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda a...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANKARADA TÜRKMEN-TÜRK IŞEWÜRLIK FORUMYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdy. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynyň zalynda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem-de senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostluk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Ankara şäheriniň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň dow...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Günorta Afrika Respublikasynyň Gazagystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi Pis Bardolf Kennedi bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary g...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTIRLIGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary departamentiniň Baş direktory Çoý Teho bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 31-nji oktýabry - 1-nji noýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Park Çžiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparynyň, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk for...
TÜRKMENISTAN AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN ŞÄHERLERIŇ SEKIZINJI FORUMYNA (APUF-8) ESCAP GATNAŞDY
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherleriň forumyna (APUF-8) gatnaşdy. Bu çäre, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we jemgyýetçilik komissiýasy we Suwon şäher häkimligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrligi, BMG-Habitat, Halkara «Habitat adam üçin» we «CityNet» assosiasiýasy bilen bilelikde guraldy. Foruma milli w...