RSS

SOŇKY HABARLAR

2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇISINIŇ PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Pakistanyň täze bellenen Daşary işler boýunça döwlet ministri hanym Hina Rabbani Khar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary, aýratyn-da, energiýa, söwda, ulag we beýleki ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Ilçi energiýa ulgamynda strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň, bu ugur boýun...

DOWAMY
2 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA SAPARY TAMAMLANDY

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy. Irden hormatly Prezidentimiz Mekgeden Jidda şäherine geldi. Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň uçary musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şähere — Medinä ugrady. Bir sagada golaý wagtdan uçar Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy M...

DOWAMY
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ UMRA HAJYNY BERJAÝ ETMEK ÜÇIN SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IKI GÜNLÜK SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. D...

DOWAMY
31 Maý

ALMATYDA MERKEZI AZIÝANYŇ WE ÝB-NIŇ ÝÖRITE WEKILLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň barşynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistany...

DOWAMY
31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILINIŇ BÜTINDÜNÝÄ INTELLEKTUAL EÝEÇILIK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Atageldi Haljanowyň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) Baş sekretary Daren Tang bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ugurlary we mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Intell...

DOWAMY
29 Maý

Koreýa Respublikasynda türkmen sungat işgärleriniň döredijilik konserti geçirildi

2022-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Banpo Hangaň seýilgähinde meşhur türkmen sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde milli aýdymlarynyň wideo şekilleri görkezildi.  Döredijilik konsertde özüne çekiji türkmen aýdymlary iki dostlukly — Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň medeni-ynsanperwer g...

DOWAMY
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI BMG-NIŇ SENAGAT ÖSÜŞI BOÝUNÇA GURAMASYNYŇ TÄZE BELLENEN BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi. Gerd M...

DOWAMY