RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Apr

HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçdiler. Hormat garawulynyň serkerdesi...

DOWAMY
31 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI OWGANYSTAN BILEN GOŇŞY ÝURTLARYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 3-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 31-nji martynda HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahaty öz işine başlady. Çäräniň başynda HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi. Öz çykyşynda Ministr R.Meredow nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşm...

DOWAMY
30 Mar

AŞGABATDA NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-30-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürme...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 30-njy martynda HHR-iň Tunsi şäherinde geçirilýän Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-di...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 30-njy martynda Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary 2021-2022-nji ýyllarda ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

Şu ýylyň 30-njy martynda Hytaýyň Tunsi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de olary ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Hususan hem, ikitaraplaýyn sö...

DOWAMY
30 Mar

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ GEPLEŞIKLERI

2022-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň Hytaýa iş saparynyň dowamynda HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdi.  Taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Şunlukda, ýokary döwlet derejesinde kemala getirilen açyk, dostlukly we işjeň syýasy gatnaşyklaryň, özara hereketleriň has-da çuňlaşdyrylmag...

DOWAMY