RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Apr

TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA:ÖNJEÝLI HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLY

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda meşhur britan tebigatçysy ser Dewid Attenboronyň “Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş” atly dokumental filminiň görkezilişi boldy. Çärede Beýik Britaniýanyň Ilçisi hanym Lýusiýa Uaýld söz sözläp, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň aýawly...

DOWAMY
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ ILÇISINI KABUL ETDI

Şu gün, 22-nji aprelde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar. Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçir...

DOWAMY
22 Apr

“MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” FORMATDA DAŞARY SYÝASAT EDARALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Ruslan Kazakbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Sardor Umurzakow we R...

DOWAMY
21 Apr

MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ITALÝAN IŞ TOPARYNYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Italýan Iş toparynyň ilkinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Gepleşikler Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky Iş toparynyň Türkmen tarapynyň wekiliýetine durmuş-medeni pudagynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Italiýanyň Medeni miras, medeni gatnaşyklar we syýahatçylyk ministrli...

DOWAMY
20 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XII MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY (AŞGABAT ŞÄHERI, 2022-NJI ÝYLYŇ 20-NJI APRELI)

Hormatly atşynaslar! Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy günlerinde biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini geçirýäris. Men siziň ähliňizi bu mejlisiň geçirilmegi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Şu ýyl döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk...

DOWAMY
19 Apr

GDA-NYŇ 30 ÝYLLYK HYZMATDAŞLYGY RESMINAMALARDA WE FOTOSURATLARDA

Türkmen ekspozisiýasy Russiýa federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlap gurnan fotosuratlaryň we resminamalaryň sergisiniň aýrylmaz bölegi boldy. Serginiň dabaraly açylyşy RF-nyň DIM-niň Uly binasynda GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Rus...

DOWAMY
18 Apr

Türkmen sungaty dünýä ýaň salýar

Koreýa Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maddy däl medeni miras üçin Halkara maglumat we aragatnaşyk merkeziniň «ICH Courier» žurnalynyň nobatdaky sanynda «Türkmeniň keşdesi ylham çeşmesi» atly makala çap edildi. Makalada Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, şol sanda türkmen halkynyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary, lybaslary, şaý-sepleri, nagyşlary hususan-da, gelin-gyzlaryň el işi – türkmeniň keşdesi barada giňişleýin gürrüň berýär....

DOWAMY