RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Few

DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TÜRKMEN-RUS ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Altynjy Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

DOWAMY
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygyny bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler. Ministrler...

DOWAMY
17 Few

ВСТРЕЧА ГЛАВЫ МИД ТУРКМЕНИСТАНА С ГЕНСЕКОМ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ

Сегодня, 17 февраля состоялась онлайн-встреча Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Генеральным секретарем Организации тюркских государств Багдадом Амреевым, в ходе которой были обсуждены перспективы развития сотрудничества Туркменистана с организацией. Министр иностранных дел Туркменистана подчеркнул необходимость дальнейшего расширения взаимодействия стран данного формата в различных сферах. При этом было подчёркнуто, что Туркменистан заинтересованно рассматривает свое...

DOWAMY
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AŞGABATDAKY WEKILHANALARYNYŇ WE AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Filipp Saprykin gatnaşdylar. I...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk...

DOWAMY
16 Few

ÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HZG-NIŇ ZÄHMET KADALARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Halkara zähmet guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş ada...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ RF-DÄKI ILÇISI MOSKWA ŞÄHERINIŇ MERIÝASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýewiň Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi Departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bar bolan baý dessurlaryň hem-de toplanylan tejribeleriň esasynda Türkmenistanyň Moskwa bilen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklere eýedigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hususan-da, ýerüsti ulag infra...

DOWAMY