RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle...

DOWAMY
22 Ýan

DIM-DE HHR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Duşuşygyň çäklerinde şeýle-de Döwlet baştutanlar...

DOWAMY
21 Ýan

TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA DERWAÝYS NEŞIRLERIŇ ÇAPDAN ÇYKMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» we «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýe...

DOWAMY
20 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan...

DOWAMY
17 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI ÖZBEGISTANA SAPARY AMALA AŞYRDY

2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti G...

DOWAMY
17 Ýan

TÜRKMEN-ÖZBEK DIMARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

Şu gün, 17-nji ýanwarda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki ga...

DOWAMY
15 Ýan

TÜRKMENISTANA OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETI SAPAR BILEN GELDI

2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. 15-nji ýanwarda, Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň arasynda dar düzümdäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda iki doganlyk döwletiň DIM-leriniň ýolba...

DOWAMY