SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GYRGYZYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi. Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Şeýle-de Gyrgyzystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ ŞÄHERLER GURAMASYNYŇ FORUMYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 10-13-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Kýonji şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň Bütindünýä mirasynyň şäherler guramasynyň dördünji sebit forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Forumyň çäklerinde türkmen tarapy gadymy Köneürgenç şäheriniň taryhy-medeni mirasy barada çykyş etmek bilen, onuň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik eserleri we ýadygärlikleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň ta...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE WENANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇRILDI
2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlаmentiniň agzasy Omar Al-Rawiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen Wenanyň wekiliýeti, şeýle hem Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlary 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena balynyň üstünlikli geçirilmegi bil...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça, şol sanda, halkara we sebit meseleleriniň möhüm ugurlarynyň gün tertibi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada pik...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe...
TÜRKMENISTAN «MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ KÄTIPLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 14-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde boljak çäreleriň guramaçylyk, şeýle hem Forumyň gün tertibinden gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahat...
TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK HEM BERKITMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň P...