RSS

SOŇKY HABARLAR

10 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwleti...

DOWAMY
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 9-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arka...

DOWAMY
8 Maý

MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdul...

DOWAMY
7 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly birnäçe meseleleleri ara alyp...

DOWAMY
6 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, ukrain tarapyna bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.W.Ýenin ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde guralan geňeşmeleriň barşynda tar...

DOWAMY
5 Maý

TELEFON SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün 5-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Mereowdyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Taraplar şeýle-de 2021-nji ýylda Hökümetara toparyň mejlislerini geçirm...

DOWAMY
5 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM ABŞ-NYŇ ILÇIHANASY BILEN BILELIKDE FOTOSERGI GURNADY

2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan fotosergi gurnaldy.    Çärä Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet ins...

DOWAMY