SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň ilçihanasynda Halkara Parahatçylyk we Bitaraplyk forumyna bagyşlanan diplomatik çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde «Türkmenistan bilen tanyşlyk: onuň daşary syýasaty, medeni mirasy we syýahatçylyk mümkinçilikleri» atly çäre geçirildi. Bu çärä Koreýa Respublikasynda ak...
Häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dmitriý Lýubinskiý ýolbaşçylyk etdiler....
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Kapitoliý muzeýiniň meýdançasynda döwlet Baştutanymyzy Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri mähirli garşylady. Bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy. Çykyş tamamlanandan soňra, Rim şäheriniň häkimine söz berildi. Roberto...
Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny mähirli mübärekläp, saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň iki Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem kompaniýanyň başlygy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän Türk...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy
Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary, Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri hem-de iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti işewürlik forumynda eden çykyşynda göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zam...
The President of Turkmenistan participated in the Turkmen-Italian Business Forum
During his official visit to the Italian Republic, President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov participated in the Turkmen-Italian Business Forum. The event was attended by members of the official delegation of Turkmenistan, high-ranking Italian officials, and representatives of the private sectors of two countries. In his speech at the Business Forum, the President of Turkmenistan emphasized the importance of this meeting, which aims to develop Turkmen-Italian ties through direct bu...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Öňden habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy. Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Prezident Serdar...