SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa men...
Türkmenistanyň we Ruanda Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ruanda Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Oliwýe Nduhungireheniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary y...
Türkmenistanyň DIM-inde BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler...
Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi. Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we kö...
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni ýolagçy howa gatnawlarynyň açylyş dabarasy barada
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Koreýa Respublikasynyň Inçon şäherindäki halkara howa menzilinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň “Türkmenistan Awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji rejeli, ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wise-spikeri jenap Li Hak-ýoň, Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň Awiasiýa syýasat...
«Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Okuw sapaklaryna Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar sebitiniň dürli ugurlary bilen baglanyşykly i...
Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC 3) bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.