SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. “Biz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdyg...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKALLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BINALY ÝYLDYRYM BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu Guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy babatynda pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Türkmenistanyň synçy-döwlet hökmünde bu halkara düzüminiň işine işjeň gatn...
SEULDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SAÝLAWLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň diplomatlary, şeýle hem bu ýurtda okaýan türkmen talyplary we türkmenistanly raýatlar gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda diplomatlar öz çykyşlarynda möhüm syýasy waka – Türkmenistanyň ählihalk Prezident saýlawlarynyň açyk we demokratik ýagdaýda, halkara-hukuk we milli ka...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi. Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi....
TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BMG-NE AGZA BOLMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-ne agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny» atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi. Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ilkinji nobatda, Natalýa Germana Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň Hök...
TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
2022-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň derwaýys söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, farmasewtika...