SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN TÜRKIÝÄNIŇ DOGANLYK HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI
2023-nji ýylyň 7-nli fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler. Doganlyk halklar bilen dostlukly gatna...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda dipl...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MUZEÝINDE MUZEÝ GYMMATLYKLARYNY REJELEMEK IŞINDE HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi “Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler” atly brifing-maslahatyny gurnady. Bu çäräni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Çaryýew Meretgeldi alyp bardy. Bu brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ABŞ-nyň, HHR-iň we Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we w...
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy
2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 31 ýyl doldy. Türkmen-koreýa dostlukly gatnaşyklaryna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyna giň ýol açan bu sene mynasybetli, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew bilen bu ýurduň “The Korea Post” atly halkara žurnalynyň Baş redaktory Li Kýung-şikiň arasynda söhbetdeşlik boldy. Ilçi B.Durdyýew iki ýurduň Prezidentleriniň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Çawuşoglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýedäki köp sanly adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesi bilen baglanyşykly türk kärdeşine duýgudaşlyk we goldaw bildirdi. R.Meredow pida bolanlaryň maşgalalaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildird...
UNESCO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Daşary işler ministriliginde UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri R.Meredow çykyş etdi hem-de şu mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bile...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞUGY BARADA
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen duşuşugy geçirildi. Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňe...