SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETLERI HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER
2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen bolýar. Şu gün, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda R.Meredow Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-...
Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda Maglumata elýeterlilik merkezi açylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurtdymyzda maglumata elýeterlilik merkezini döretmek teklibi tassyklandy. Merkeziň açylmagy Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesi bolar. Hormatly Prezidentimiz belleýşi ýaly, koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki täze taslamanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzma...
TÜRKMENISTANDA GURULÝAN TÜRKMENABADA ÇENLI ÝOKARY TIZLIKLI AWTOMOBIL ÝOLUNYŇ AŞGABAT-TEJEN BÖLEGI DABARALY ÝAGDAÝDA ULANMAGA BERILDI
2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik «Aşgabat-Tejen» böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Yslam Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Banklynyň sebitleýin we ýurt boýunça wekilleri, «Hyun...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN MINNETDARLYK HATY GELIP GOWUŞDY
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda, Aşgabada amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda bildirilen mähirli myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edýär. «2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana bolan meniň ilkinji döwlet saparymyň ýokary guramaçylygy hem-de aýratyn myhmansöýerligiňiz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçi...
Inha uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk
2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Ilçihanada Koreýanyň Inha uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Koreýanyň uniwersitetiniň we Türkmenistanyň uniwersitetleriniň arasynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
TÄHRANDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-EÝRAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ON ALTYNJY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi Toparyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri R.Gaseminiň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşyga şonuň ýaly-da iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Ik...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ EYR-NYŇ ÝOL WE ŞÄHER GURLUŞYK MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu goňşy döwlet bilen bilelikde amala aşyrýan awtomobil ýollary, demirýolla...