RSS

SOŇKY HABARLAR

8 Maý

TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ FEDERASIÝASYNYŇ HATARYNDA

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy 2012-nji ýylda dünýäniň meşhur syýahatçylyk şäherleri we syýahatçylyk guramalary tarapyndan döredildi.  Ştab-kwartirasy we Sekretariaty Pekinde (HHR) ýerleşen SŞBF häzirki wagtda abraýly halkara syýahatçylyk guramasyna öwrüldi.

DOWAMY
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER

2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasary W.Hajiýew, türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça Baş müdirliginiň Direktory Ýönet Jan Tezel ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini hem-de halkara gu...

DOWAMY
8 Maý

HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESI BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dört taraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaş...

DOWAMY
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary H.Halafow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk onlaýn-görnüşinde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň çarçuwasynda iki ýurduň ar...

DOWAMY
7 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has hem pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlary söwda, energetika, ulag we üstaşyr ýük da...

DOWAMY
7 Maý

HALKARA ULAG FORUMYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde Halkara ulag forumynyň (HUF) Baş sekretary Young Tae Kim bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» ýaly ugurdaş agentlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýurdumyzyň HUF-my bilen özarahereketleriniň esasy ugurlaryny ara alyp masl...

DOWAMY
7 Maý

ULAG DAŞAMALARY WE GÜMRÜK GÖZEGÇILIGI UGURLARYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA WIDEOMASLAHAT

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.   Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulg daşa...

DOWAMY