SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI ÝOLLADY
Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi. Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi. Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24 tn 700 kg ýük iberdi. Owgan halkyna ynsa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÄZE BELLENEN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçiliriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi....
TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DIM-LERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, Saud Arabystanynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny we möhüm...
Türkmenistanyň dokma önümleri 2022 – Import harytlaryň sergisinde görkezildi
Şu gün, 23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän 2022 – Import harytlaryň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär. Bu halkara sergä dünýäniň 60-dan gowrak ýurt hem-de 70 töweregi kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilýän Import harytlaryň sergisinde Türkmenistanyň milli pawiliony hem gurnaldy. Köpugurly sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümler...
TÜRKMENISTAN ÝER TITREME HELÄKÇILIGINE UÇRAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. DIM-ni...
Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär
2022-nji ýylyň 22-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Park Jin bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary arasynda duşuşyk geçirildi. Günorta Koreýanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Park Jin Koreýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hususan-da, syýasy-diplomatik ýollary arkaly ýangyç-energetika, saglygy goraýyş, ylym-bilim, sanly ykdysadyýet, howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar...
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÝANYNDAKY ULAG DIPLOMATIÝASYNYŇ HALKARA MERKEZI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitiň we ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasyndaky özarabaglanyşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistan...