RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Mar

PREZIDENT SAÝLAWLARYNYŇ JEMLERI

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary guramaçylykly, toý-dabara, şatlyk-şowhun bilen we ruhubelentlikde geçirildi. Saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00 çenli saýlaw hukukly raýatlar işjeňlik bilen ses bermäge gatnaşdylar. Ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgä...

DOWAMY
pic
14 Mar

DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ IŇLIS WE RUS DILLERINDE TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň...

DOWAMY
pic
13 Mar

HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR

2022-nji ýylyň 13-nji martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligine agzalaryň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň brifinglerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine gözegçiligiň netijeleri yglan edildi. Çärelere ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topa...

DOWAMY
pic
13 Mar

TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BARADAKY MERKEZI TOPAR: TÜRKMENISTANDA PREZIDENT SAÝLAWLARY ÝOKARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇDI

2022-nji ýylyň 13-nji martynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow Türkmenistanyň Prezidentligine geçirilen nobatdan daşary saýlawlaryň netijeleri boýunça paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda brifing geçirdi. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary saýlawçylaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda ses bermekleri bilen geçirildi diýlip ykrar edilendigini mälim etdi. Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine dürli syýas...

DOWAMY
pic
13 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan TDG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň paýtagtyna gelen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Türki döwletleriň guramasy bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegini özüniň sebitleýin we ählumumy hereketlere gatnaşygynyň umumy ugruny nazarda tutmak arkaly ileri tutý...

DOWAMY
pic
11 Mar

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň halkara durmuşynyň möhüm wakalary beýan edilýär. Sahypalarynda beýan edilýän wajyp meseleler bu döwürleýin neşire diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyk getirdi. Daşary işler ministrliginiň esaslandyran bu žurnaly dünýä jemgyýetçiligine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň maksatlaryna aýdyň d...

DOWAMY
pic
11 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. “Biz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdyg...

DOWAMY