SOŇKY HABARLAR
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI UGRUNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNDA ILÇIHANADA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Ilçihanada Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi boýunça Ministriň Orunbasary hanym Hýoeun Jenny Kim bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerini ýumşatmak we uýgunlaşdyrmak ugrunda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek babatynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslaha...
DEMIR ÝOLUŇ GURLUŞYGY DIKELDILDI
2021-nji 30-njy awgustynda Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki-Ymamnazar-Аkina-Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owganystanyň «Akina-Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi. Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda...
TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň owgan meselesi boýunça onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyk awstriýa tarapynyň başlangyjy bilen guraldy we oňa Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri ministri Aleksandr Şallenberg hem-de Awstriýanyň Içeri işler ministri Karl Nehammer wekilçilik etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owgany...
TÜRKMENISTAN ÖZÜNIŇ HALKARA YNSANPERWER HUKUGY ULGAMYNDAKY HALKARA BORÇNAMALARYNA YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklamak bilen, bu gün biziň öňümizde Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak meselelerini öz içine alýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek ýaly derwaýys wezipäniň durýandy...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ PARAHATÇYLYK ÝOLLARY BILEN KADALAŞDYRYLMAGY UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
29-njy awgustda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda, Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigi aýratyn bellenildi. Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganyst...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” Bilelikdäki...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 25-26-nji awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy. 26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanyna Pakistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Şah Mahmud Kureşi Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan...