SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MAZARI-ŞERIFDÄKI BAŞ KONSULY BALH WELAÝATYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşn...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar. Şu nukdaýnazardan nygtaýarys, ýagny türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar-Аkina» hem-de «Serhetabat-Тurgun...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler. Şunlukda ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi «Таliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar. Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝ BOÝUNÇA BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ösüşini üns merkezinde saklamagyny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy aýratyn belleýär, ýagny dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildiri...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä Hazarýaka ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň ýo...
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY WE MEDENI UGURLAR BOÝUNÇA SERGILER
Şu gün, 6-njy awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň iki günlük halkara sergisi öz işine başlady. Halkara serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabaras...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ BARŞYNDA GENDER SYÝASATYNY KÄMILLEŞDIRMEK BABATDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi. Çäre şol gün Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirildi. Dialogyň gatnaşyjylary, ýagny Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Gazagystanyň Parlamentiniň Mažilisiniň Halkara...