SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI
2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýur...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY ULAG ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINI AÇÝAR
16 awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy. “Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr daş...
ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE MÖHÜM ÇÄRELER GEÇIRILDI
16-njy awgustda günüň birinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynda “Merkezi Aziýa - Ýakyn Gündogar - Afrika: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly ulag ministrleriň derejesindäki duşuşyk geçirildi. Onda bu sebitlere girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hem-de üstaşyr döwletleriň ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa g...
DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYŇ JEMLEÝJI BEÝANNAMASY
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleri hem-de ýokary wezipeli wekilleri 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda beýleki gyzyklanma bildirýän degişli taraplaryň, üstaşyr, ösüş boýunça hyzmatdaş ösüp barýan döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň, halkara, sebit hem-de sebitara guramalarynyň, sebit ösüş banklarynyň, seljermeler merkezleriniň, hususy bölümiň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Awazada (Türkmenistan, Türkmenbaşy şäheri) ýüzbe-ýüz (hem-de wi...
TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
15-nji awgustda, duşenbe güni, Awazada açylan ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag we logistika ugurlaryny açmak hem-de Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň we Abu Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlar ulgamyna goşma...
Türkmenistanyň Prezidenti geljegiň birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini nygtady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi. Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde «Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir» – diýip belledi....
GUTERRIŞ DURNUKLY ULAG HEREKETLERINDE TAGALLALARY BIRLEŞDIRMÄGE ÇAGYRDY
Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary we Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima okady. BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatna...