SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI: SEBIT WE ÄHLUMUMY HOWPSUZLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK
29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik diňe bir ýurdumyzyň bu iri döwletara birleşme bilen gatnaşyklarynda däl, eýsem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we meýdançalaryny açýan geljekki sebit gün tertibi bilen bagly ähmiýetli waka boldy. Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysynyň bu gepleşigi öňe sürmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentine sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça p...
TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER
2021-nji ýylyň 29-njy awgusty 2-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň toplumy geçirildi. Hususan-da, 2021-nji ýylyň 29-30-njy awgustynda BAE-niň Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary Geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohammad Saif Al Suwaidi bilen gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşlikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky özara ga...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN IŞJEŇ GATNAŞYKLARY SAKLAÝARLAR
2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bile...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 76-NJY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN GARAÝYŞLARY
Giriş Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine dünýäniň gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek işinde BMG-niň esasy we utgaşdyryjy ornuny tassyklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny doly möçberde amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde Bit...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI UGRUNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNDA ILÇIHANADA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Ilçihanada Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi boýunça Ministriň Orunbasary hanym Hýoeun Jenny Kim bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerini ýumşatmak we uýgunlaşdyrmak ugrunda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek babatynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslaha...
DEMIR ÝOLUŇ GURLUŞYGY DIKELDILDI
2021-nji 30-njy awgustynda Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki-Ymamnazar-Аkina-Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owganystanyň «Akina-Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi. Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda...