RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Dek

«MERKEZI AZIÝA - HINDISTAN» DIALOGYNYŇ MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» BAŞLANGYJYNYŇ DERWAÝYSLYGY NYGTALDY

2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Merkezi Aziýa - Hindistan» Dialogynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Forumyň çäklerinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa - Hindistan» Dialogynyň hereketiniň has hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtady.   Hususan hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistan bilen syýasy ugurly özara hereketleriniň täze formatynyň ygtybarly institusional esaslarynyň döredilmegine gönükdirilen taky...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY

Şu gün, 19-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Delide (Hindistan) geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşy...

DOWAMY
pic
18 Dek

YSLAMABAT ŞÄHERINE SAPARYNYŇ DOWAMYNDA TÜRKMENISTNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Şu gün, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagtyna sapar bilen gitdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar...

DOWAMY
pic
16 Dek

DUTAR ÝASAMAK SENETÇILIGI HEM-DE BAGŞYÇYLYK SUNGATY ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNA GIRIZILDI

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu çözgüt Guramanyň Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilýän 16-njy mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berlen hödürnama gutarnykly seljermeden geçdi we bütindünýä meden...

DOWAMY
pic
16 Dek

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk

2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşanlar iki tarap üçin hem wajyp temalar, hususan-da, oba hojalygy pudagynda ykdysady bilimi ösdürmegiň geljegi, ýurtlaryň oba hojalygynyň dürli pudaklarynda - maldarçylykda, ekerançylykda we beýleki ugurlarda mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

DOWAMY
pic
14 Dek

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY

Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk  harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy.  Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek bab...

DOWAMY
pic
14 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK FORUMYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK-STOL GEÇIRILDI

Şu gün, 14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň giňeldilen mejlisiniň, şeýle-de 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň jemlerine bagyşlanan tegelek-stol guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanal...

DOWAMY