SOŇKY HABARLAR
YSLAMABAT ŞÄHERINE SAPARYNYŇ DOWAMYNDA TÜRKMENISTNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagtyna sapar bilen gitdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar...
DUTAR ÝASAMAK SENETÇILIGI HEM-DE BAGŞYÇYLYK SUNGATY ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNA GIRIZILDI
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu çözgüt Guramanyň Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilýän 16-njy mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berlen hödürnama gutarnykly seljermeden geçdi we bütindünýä meden...
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk
2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşanlar iki tarap üçin hem wajyp temalar, hususan-da, oba hojalygy pudagynda ykdysady bilimi ösdürmegiň geljegi, ýurtlaryň oba hojalygynyň dürli pudaklarynda - maldarçylykda, ekerançylykda we beýleki ugurlarda mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY
Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek bab...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK FORUMYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK-STOL GEÇIRILDI
Şu gün, 14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň giňeldilen mejlisiniň, şeýle-de 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň jemlerine bagyşlanan tegelek-stol guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegi...
Pan Gi MUN Ählumumy ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy, BMG-niň ozalky Baş sekretarynyň gutlag sözi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymly. Türkmenistanyň taryhynda täze sahypany açan 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biridir. Bitaraplyk ýurduň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär. Şu pursatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararn...