RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Noý

Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Lihtenşteýniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Kristian Wenaweseriň arasynda gepleşikler geçi...

DOWAMY
pic
4 Noý

Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi

2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi. Resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin çäreler toplumy işlenip düzüldi we tassyklanyldy. 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensi...

DOWAMY
pic
2 Noý

«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi. Resminamanyň teksti bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz: https://documents.un.org/doc/undoc/gen/n24/306...

DOWAMY
pic
1 Noý

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowa...

DOWAMY
pic
1 Noý

Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary, Parlamentiň agzasy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary, Parlamentiň agzasy Stiwen Doutiniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy akaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatl...

DOWAMY
pic
1 Noý

В ИМО МИД Туркменистана состоялась международная конференция, посвященная принятию резолюции Генассамблеи Организации Объединенных Наций «Игры дружбы ООН»

31 октября 2024 года в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана состоялась международная конференция, посвященная принятию по инициативе Туркменистана и Республики Индия резолюции Генеральной Ассамблеи ООН «Игры дружбы ООН». В работе конференции приняли участие руководители и сотрудники МИД страны, главы и представители дипломатических миссий и представительств международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, представители политических партий Тур...

DOWAMY
pic
1 Noý

Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow diplomatik işini tamamlaýan Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Erik Owusu-Boateng bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar. Ikinji syýasy geňeşmeleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň...

DOWAMY