RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Maý

UKRAINANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze saýlanan Prezidenti Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

DOWAMY
pic
1 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...

DOWAMY
pic
1 Maý

ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA GUTLAG KITABY AÇYLDY

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda bu ýurduň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli Gutlag kitaby açyldy. Bu kitap Türkmenistanyň resmi adamlarynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň adyndan gutlag sözlerini ýazmak üçin niýetlenendir.    Şu gün Gutlag kitabynda Türkmenistanyň resmi adamlary özleriniň ýadygärlik gutlag ýazgylaryny ýazdylar. Gutlag kitaby Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bil...

DOWAMY
pic
1 Maý

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýarkun Faýzullaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arka...

DOWAMY
pic
1 Maý

AŞGABATDA GÜMRÜK GULLUKLARYNYŇ MAGLUMAT ALYŞMAK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY BAŞLADY

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak boýunça iki günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň birnäçe gümrük gulluklarynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň 1-nji gününde oňa gatnaşyjylar dünýäniň gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaş...

DOWAMY
pic
30 Apr

SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda, üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahata Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, şeýle hem Patyşa Faýsal adyndaky yslamy öwreniş we ylmy-barlaglar merkeziniň, Ylmy aragatnaşyk we g...

DOWAMY
pic
29 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN TUNIS IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA

2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Mohammed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gepleşikleriň barha artandygyny kanagtlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degi...

DOWAMY