SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary hanym Abe Toşikonyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikler...
YSRAÝYL DÖWLETINDE TÜRKMEN-YSRAÝYL SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Ysraýylda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapyndan geňeşmelere Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben Swi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugta...
AŞGABATDA TÜRKMEN-ESTON SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-eston syýasy geňeşmeleri geçirildi. Eston Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň baş direktory Lembit Uibo ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we türkmen-eston gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, taraplar iki döwletiň arasyndaky şe...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara...
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramçylygy mynasybetli dabaralar geçirdi
2019-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramçylygy mynasybetli dabaralar geçirdi. Bu baýramçylyk mynasybetli Ilçihanada sportuň küşt, şaşka we stol üstündäki tennis boýunça bäsleşikler geçirildi. Dabaralara gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlyklar gowşuryldy, bäsleşikleriň ýeňijilerine bolsa şahadatnamalar we gymmat bahalay sowgatlar berildi. Dabaralar tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.
ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...
TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...