SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ SERGI-ÝARMARKASY AÇYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanan sergi-ýarmarkasy açyldy. Serginiň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatiki korpusyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurtl...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNYŇ BOLMAGYNA GARAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Aşgabada döwlet sapary bilen gelýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýnyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda duşuşyk guralar. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň liderleri syýasy, bank we nebitgaz ulgamlarynda, himiýa senagatyny şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň gelj...
MOSKWADA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
Birinji hazar ykdysady forumyna taýýarlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan, 2019-njy ýylyň 15-nji martynda GDA agza döwletleriň gatnaşmagynda Moskwada geçirilen “GDA: sanly ykdysadyýet-integrasiýanyň platformasy” atly Halkara ykdysady forumynda Hazaryň türkmen kenarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. 18 döwlete wekilçilik edýän Foruma gatnaşyjylar şeýle hem rus we daşary ýurt kompaniýalarynyň, bilermenler bileleşikleriniň we köpçülikleýin habar...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE YLMY-BARLAGLARY GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa...
ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji martynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ankara geldi. Türk tarapynyň wekiliýetine Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar boýunça müdirliginiň başlygy Ilçi Ýönet Jan Tezel baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, esasan ik...
AŞGABATDA TÜRKMEN-KOREÝ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we köptaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini belläp geçdiler. Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini aýdyp...
ASTANADA YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-GAZAK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Astana şäherinde Ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň g...