SOŇKY HABARLAR
OWGANYSTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelýär. Saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekki ösüşi...
AŞGABATDA “DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA SPORTUŇ TUTÝAN ORNY” ATLY MEDIA-FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forum geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň press-attaşeleri, şeýle...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ISPANIÝA PATYŞALYGYNYŇ MADRID ŞÄHERINDE IŞ SAPARYNDA BOLÝAR
2019-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň fewral aýynyň 21-ne çenli dowam etjek Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherine iş sapary başlady. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Oba hojalyk we azyk senagaty boýunça Baş sekretary, TYPSA kompaniýasynyň Prezidenti, Cobra kompaniýasynyň Baş direktory, şeýle hem Amiantit kompaniýasynyň Baş direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda oba hojalygyna we senagat pudagyna degişli meseleler...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN DABARALY MASLAHAT
2019-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalary...
TÜRKMEN TÜRGENI GYLYÇLAŞMAK BOÝUNÇA AÇYK ÇEMPIONATDA ALTYN MEDALY EÝELEDI
2019-njy ýylyň 17-nji fewralynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medala mynasyp boldy. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr. Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigista...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP ÖZBEGISTANYŇ DÜNÝÄ YKDYSADYÝETI WE DIPLOMATIÝASY UNIWERSITETINDE ÇÄRE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetinde (DYDU) Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi tarapyndan häzirki zaman tapgyrynda Türkmenistanyň daşary syýasaty işiniň ähmiýetli ugurlary barada okuw sapagy geçirildi. Bu çäre Ilçihananyň gurnamagynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirildi. Ýokarda agzalan çäräniň işine uniwersitetiň okuw işleri hem-de halkara aragatnaşyklary boýunça prorektorlary M.Bakoýe...
2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI ÝOLBAŞÇYLYK EDIJI HEM-DE UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkm...