SOŇKY HABARLAR
PORTUGALIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen gelen Portugaliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) hanym Paula Lil Da Silwa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Portugaliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli wezipä girişmegi bilen gutlady we türkmen-portugal hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly üstünlik...
HAZAR DEŇZI TESWIRNAMASYNYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERINIŇ 3-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň 3-nji mejlisi geçirilýär. Maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýarlar...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BOLDY
2018-nji ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýolbaşçylary we agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetini Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Sindzo Abe kabul etdi. Şunuň ýaly-da, DIM-ara we parlamentara, energetika, transport hem-de söwda-ykdysady toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen hem ikita...
TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI
2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Lýudmila Rýumina adyndaky medeni folklor merkezinde bu gezek ugry Moskwa we Sankt-Peterburga uzap gidýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy uly gala konsert bilen başlandy. Açylyş dabara Russiýanyň medeniýet edaralarynyň jogapkär işgärleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, KHBS wekilleri, ylym we...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA ENERGETIKA INFRASTRUKTURASYNYŇ DESGALARYNYŇ TERRORÇYLYK HÄSIÝETLI KIBER HÜJÜMLERINDEN GORAGY BOÝUNÇA AMALY OKUW GURADY
2018-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan goraglylygy güýçlendirmek onuň esasy meselesi bolup çykyş etdi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boý...
AŞGABATDA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-SAUD TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. M...
IORDAN HAŞEMIT PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmaga gelen Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara.ş) jenap Ismail Issa Ismail Rifae bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen-...