SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA MASYH AGZA ÝURTLARYNYŇ ÝÜK DAŞAÝJYLARYNYŇ ASSOSIASIÝASYNYŇ FEDERASIÝASYNYŇ 9-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä...
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Buharest şäheriniň «ARÇUB» medeniýet merkezinde «Ilçihanalaryň Festiwaly» atly ýyllyk halkara çäresiniň resmi açylyşy geçirildi. Çäräniň işine Rumyniýada akkreditirlenen 70 sany diplomatik wekilhanalary, halkara guramalaryň wekilleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri, medeni rumyn jemgyýetçiligi we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdy. «ESÇU assosiasiýasy» atly hökümete degişli bolmadyk guramasy, UNESCO-nyň Rumyniýadaky wekilhanasy we Rumy...
BERLINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY» ATLY ÇÄRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Berlin şäherinde Türkmenistanyň GFR-däki Ilçihanasy Berliniň Taryhy döwürden öňki we irki taryhy muzeýi bilen bilelikde 2018-nji ýylyň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmeginiň çäginde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi. Çärä GFR-iň Federal Kansleriniň diwanynyň, Federal Daşary işler ministrliginiň, Federal ykdysady we energetika ministrliginiň wekilleri, GFR-de akkreditirlenen diplomat...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda, Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär wekiller, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna 2018-nji ýylyň 29-31 awgustynda resmi sapar bilen geldiler. 2018-nji ýylyň 29-njy awgustynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde iki döwletiň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ilkinji duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýolbaşçylar ikitarplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini, iki döwletiň tejribelerini öwrenmek, gümrük gullugynyň wekilerini Koreýa Respublikasynda tejribe a...
Türkmen diplomatlary Kwanju şäherinde ýerleşýän Aziýa medeniýet merkezine baryp gördüler
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda türkmen diplomatlary Günorta Çonla welaýatynyň Kwanju şäherinde ýerleşýän Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýet merkezine baryp gördüler. Saparyň esasy maksady Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda medeniýet ulgamynda goýulan hyzmatdaşlygy has hem giňeltmekden ybarat. Taraplar medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen ertekileriniň we kitaplarynyň ç...
Türkmen diplomatlary Tegu şäherinde duşuşyk geçirdiler
2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri iş sapary bilen Tegu şäherine bardylar we duşuşyklar geçirdiler. Iş saparyň çaklerinde türkmen diplomatlary Tegu şäheriň häkiminiň orunbasary bilen dokma senagatynda we saglyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar, Türkmenistanyň dokma we saglyk ulgamynda iş alyp barýan hünärmenleriň Koreýa Respublikasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçilik...