RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Iýun

«Bütindünýä welosiped güni» mynasybetli Seulda welosipedli ýöriş geçirildi

2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan Seul şäherinde welosipedli ýöriş gurnaldy. Bu dabaraly çärä Koreýa Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, diplomatlar we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Bu sport çäresine Seul şäheriniň sportuň welosiped görnüşiniň janköýerleri hem gatnaşdylar. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuh...

DOWAMY
pic
1 Iýun

TÜRKMENISTAN BILEN GAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Usaini Darbonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Türkmen tarapy Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Gambiýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda gatna...

DOWAMY
pic
1 Iýun

STOKGOLMDE TÜRKMEN-ŞWED SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şwesiýa Patyşalygynda iş saparynda boldy. 30-njy maýda wekilieýt Stokgolmyň parahatçylyk meselelerini öwrenýän institutynyň (SIPRI) direktory jenap Den Smit bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda bu institut bilen Türkmenistanyň degişli guramalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmak soraglary ara alnyp maslahatlaşyldy.  31-nji maýda Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 3-nji tapgyry geçirildi. Şw...

DOWAMY
pic
30 Maý

AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITLEÝIN MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 30-njy maýynda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň “Ýerlikli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk – ÝHHG-niň sebitiniň öňdebaryjy tejribesi” atly  iki günlük ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty öz işine başlady. Maslahat ÝHHG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň  başlangyjy bilen gurnaldy. Maslahatyň ilkinji gününde esasy mejlis we iki sany iş sessiýalary geçirildi.  Maslahatyň işine ÝHHG-na agza ýurtlaryň we birnäçe halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöri...

DOWAMY
pic
30 Maý

HELSINKIDE TÜRKMENISTANYŇ WE FINLÝANDIÝANYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Helsinkide Türkmenistanyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Finlýand tarapyna bu ýyrduň Daşary işler ministrliginiň Rossiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Departamentiniň Baş direktory hanym Maimo Henriksson ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda, BMG we ÝB ýaly halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaş...

DOWAMY
pic
30 Maý

ŞWEÝSARIÝADA WELOSIPED SÜRÜJILERINIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞYUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Şweýasariýanyň Egl şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti D.Lappartient bilen duşyuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Welosiped sürüjileriniň halkara birleşigi bilen gatnaşyklary berkitmegiň meselelerine garaldy. Hususan hem, türkmen tarapy şu ýylyň 3-nji iýunynda ilkinji gezek Welosipediň halkara gününiň bellenilip geçiljekdigi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly Ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçi...

DOWAMY
pic
28 Maý

TÜRKMENISTANYŇ MAROKKO PATYŞALYGYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň  Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Baş sekretary Mohammed Ali Lazraga Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.

DOWAMY