RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Sen

Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady

Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18...

DOWAMY
pic
19 Sen

Ýaryşyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary 13 sanysy altyn 25 medala eýe boldular

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BOSGUNLARYŇ SPORT TOPARLARY BARADAKY BMG-NIŇ JARNAMASY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Onuň işine türkmen diplomatlary, syýasatşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Singapur Respublikasynyň Daşary işler we zähmet resurslary boýunça döwlet ministri Sam Tanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin ýokary derejedäki saparlaryň guralmagynyň wajypdygyny belläp, Singapur tarapy bu ugurda işleriň ilerlemegini şertleşdiler. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýa...

DOWAMY
pic
18 Sen

“Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama biragyzdan kabul edildi

Dünýä bileleşigi Şweýsariýadan gelip gowşan hoş habara ýokary baha berýär, bu ýurduň Ženewa şäherinde şu günler Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça 36-njy maslahaty geçirilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama biragyzdan kabul edildi, soňra oňa Braziliýa hem goşuldy. BMG-niň ag...

DOWAMY
pic
17 Sen

Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji ge...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda bolar, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 37 medal, şolardan 16 altyn, 14 kümüş hem-de 7 bürünç medal bilen umumy hasapda öňde barýar. Ilkinji iki altyn medal jiu-jitsuwyň “duo classik” görn...

DOWAMY