SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ynsanperwer meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokar...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuh...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent merte...
Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň taglymlaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine amala aşyrylýan gulluk
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdu...
В Ашхабаде состоялся брифинг по вопросам сотрудничества Туркменистана с ООН в области прав человека и гуманитарного права
17 февраля 2025 года в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялся брифинг, посвященный работе Туркменистана в области защиты прав человека и соблюдения международного гуманитарного права в сотрудничестве с Организацией Объединенных Наций. В мероприятии приняли участие представители Межведомственной комиссии по обеспечению выполнения международных обязательств Туркменистана в области прав человека и международного гуманитарного права, руководители министерств и ведомств, общественных...
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Pan Gi Mun bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ählumumy Ýaşyl ösüş instituty (GGGI) bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýewiň bu ösüş institutyň assambleýasynyň prezidenti we geňeşiniň başlygy jenap Pan Gi Mun bilen duşuşygynyň geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýaşyl ösüş ulgamyndaky täze usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, to...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem beýleki pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa inst...